16-njy ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahata oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdy. Maslahatyň dowamynda welaýat häkimleri ekin meýdanlaryndaky oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynda göz öňünde tutulan wezipeleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdiler. Bellenilişi ýaly, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar, 2023-nji ýylyň pagta hasyly üçin pagtaçy daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Ýazky ekiş möwsümi üçin oba hojalyk tehnikalary we gurallary abatlanylýar, ýeralmany we beýleki gök-bakja ekinlerini ekmek işine taýýarlyk görülýär. Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri ýurdumyzyň welaýatlaryndaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrine hem-de welaýatlaryň häkimlerine möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, aýratyn-da, bugdaýa ideg etmegiň, gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamagyň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegini talabalaýyk guramak babatda degişli tabşyryklary berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir