Bişkek howasynyň hapalygy boýunça dünýäde birinji ýere çykdy. Bu barada howanyň hil derejesiniň sanawyny neşir edýän www.iqair.com saýtynda habar berildi. Saýtyň habaryna görä, Gyrgyzystanyň paýtagtynyň howasynyň hapalygy 306 AQI (howanyň hil görkezijisi) bolup, "howply" derejesine laýyk gelýär. Ikinji ýerde Dakka (Bangladeş) - 179 AQI, üçünji ýerde Deli (Hindistan) - 176 AQI, durýar. Bu şäherlerde howanyň hil derejesine "zyýanly" diýip baha berilýär. Sanawyň ilkinji onlugyna Kalkutta (Hindistan), Karaçi (Pakistan), Mumbai (Hindistan), Akkra (Gana), Bagdat (Yrak), Daşkent (Özbegistan) we Lahor (Pakistan) girýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir