Şakiranyň täze aýdymy üçin wideosy YouTube-da 122 mln tomaşa belliginden geçdi we “dünýä trendleri” sahypasynda üçünji orna çykdy. Şakira aýdymy BZRP Music Sessions YouTube taslamasynyň çäklerinde argentinaly DJ we prodýuser Bizarrap bilen bilelikde ýazdy diýip, BBC habar berýär. Diňe ilkinji 24 sagadyň dowamynda YouTube-da aýdyma 65 mln gezekden gowrak tomaşa edildi, bu hem ony platformanyň taryhynda iň meşhur latyn amerikan aýdymyna öwürdi. Kolumbiýaly aýdymçy bu aýdymy öňki ýanýoldaşy – futbolçy Žerar Pikä bagyşlady. Aýdymda onuň ady agzalmaýar, ýöne salgylanmalar şeýle netijä getirýär. Mysal üçin, Şakira öňki söýgülisiniň “köp hereket edýändigini, ýöne beýnisini az işledýändigini” belleýär. Şekilli aýdymda Pikeniň duşuşýan gyzy — Klara Martä hem deglip geçilýär. Şakira futbolçynyň «Ferrarini Twingo we Rolex-i Casio çalşandygyny» aýdýar. “Sen özüňi çempion ýaly görkezmek üçin jan edýärsiň, emma meniň saňa mätäçlik çeken wagtym sen özüňi ýaramaz tarapdan görkezdiň. Men ýaly möjekler sen ýaly ýigitler üçin däl. Men senden üstün çykdym – ine, şonuň üçinem sen özüň ýaly gyz bilen bolýarsyň” – diýip, aýdymyň tekstinde aýdylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir