Tokionyň Haneda howa menzili dünýäniň iň iri howa menzilleriniň arasynda iň takyk işleýäni hasaplanýar. Muny OAG iňlis barlag kompaniýasynyň hasaplamalary subut edýär. Geçen ýyl bu howa menzilindäki uçuşlaryň 88.1% -i wagtynda, ýagny 15 minutdan köp gijä galman amala aşyryldy. Ilkinji üçlüge Atlanta (80.1%) we Sietl (80%) howa menzilleri girdi. OAG iň köp uçuş amala aşyrylan ýigrimi howa menzilini iň ululary hasaplaýar. Olaryň on dördüsi ABŞ-da ýerleşýär. Şeýle-de, Mehiko howa menzili öňdebaryjylaryň hataryna girdi (takyklygy 72,7% bilen on ikinji orunda), on ýedinji-ýigriminji orunlary Stambulyň täze Halkara howa menzili (66,9%) eýeledi. Amsterdamyň Skipholy (65.1%), Parižiň Şarl-de-Goly (63.5%) we Londonyň Hitrowy (61,5%) hem öňdelikçileriň hataryndadyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir