Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 2023-nji ýyl üçin iş meýilnamasynyň taslamasyny makullady. Taslamany anna güni wise-premýer R.Meredow Hökümet mejlisiniň barşynda döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi. Resminamada Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy, hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygy, 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» we «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň Kararlaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň diplomatik gullugy tarapyndan ähli zerur bolan işleriň guralmagy we durmuşa geçirilmegi babatdaky çäreler göz öňünde tutulýar. Şeýle hem iş meýilnamasynda Türkmenistanyň dünýäniň dürli ýurtlary bilen hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi babatdaky işler beýan edilýär. Resminamada halkara ykdysady hyzmatdaşlyga möhüm orun berilýär. Hususan-da, Türkmenistan bilen daşary ýurt döwletleriniň arasynda döredilen ikitaraplaýyn hökümetara toparlaryň işjeňligini ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary we daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary bilen bilelikde Türkmenistanyň ykdysady we eksport mümkinçiliklerine, maýa goýum taýdan özüne çekijiligine bolan gyzyklanmany artdyrmak boýunça daşary ýurtlaryň döwlet edaralary, kompaniýalary, banklary bilen gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek ýaly çäreleri özünde jemleýär. Şeýle hem iş meýilnamasynda Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn resminamalaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak göz öňünde tutulýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir