«Türkmenaragatnaşyk» agentligi Hytaý Halk Respublikasynyň «Huawei Teсhnologies Сo., Ltd» kompaniýasy bilen şertnama baglaşar. Munuň üçin ygtyýar berýän degişli resminama Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Huawei Teсhnologies Сo., Ltd» kompaniýasy welaýatlarda we Aşgabat şäherinde fiksirlenen telefon toruny giňeltmek bilen baglanyşykly enjamlary, programma üpjünçiliklerini we ygtyýarnamalary satyn almak, getirmek, gurnamak, işe girizmek we tehniki goldawy bermek işlerini ýerine ýetirer.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir