Sanly ulgam, şonuň çäklerinde bolsa internet söwdasy gündelik durmuşymyza barha giňden ornaşýar. Ýogsa näme, öýde ýa işde oturan ýeriňden islän harydyňy sargyt etmek mümkinçiligi bize onlaýn söwdanyň beren ýeňillikleriniň diňe biri. Onlaýn söwdany hödürleýän internet dükanlarynyň sany bolsa gün-günden artýar. Olaryň içinde belli bir ugra ýöriteleşenleri hem (azyk haryt, gurluşyk, egin-eşik...), öz içinde ähli görnüşli harytlary jemleýänleri hem, satyjylara ýerini kärendesine berýän marketpleýsler hem bar. Olar müşderileri özüne çekmek maksady bilen dürli görnüşli aksiýalary, arzanladyşlary yglan edip durýarlar. Şol bir wagtda aksiýadyr arzanladyşlary diňe bir onlaýn dükanlar däl, eýsem söwda merkezlerindäki, şäher içindäki dükanlar hem yglan edip durýarlar. Emma dükanlardyr hyzmat merkezleriniň ummasyz köplüginde olardaky aksiýalary nädip yzarlamaly? Dogry, bir-birden ähli onlaýn söwda platformalaryny mobil telefonyňa ýükläp alyp, bir-birden olara girip, barlap çykyp bolar ýa-da şäher içindäki ähli dükanlara, hyzmat merkezlerine aýlanyp çykmaly. O diýen şowly pikir däl gerek?! Elbetde, munuň üçin, gör, näçe wagt, näçe fiziki güýç gerek?! Oňa derek Türkmenistanyň çäginde hereket edýän ähli onlaýn dükanlaryň, bulardan başga-da, söwda merkezleriniň, marketleriň gündelik, hepdelik, aýlyk aksiýalaryny we arzanladyşlaryny günde yzarlap, bir ýerde jemläp berýän mobil goşundysy bar. ARZAN TM maglumat platformasy hakynda Arzan TM ýurdumyzyň ähli künjeklerindäki iň amatly arzanlaşyklardan we aksiýalardan habarly bolmaga, şeýle hem dükanyň eýesine öz arzanlaşyk-aksiýalaryndan hemme adamy habarly etmäge kömek edýän mobil goşundydyr. AKSIÝA, ARZANLADYŞ... ýaly sözler hiç bir adamy hem parhsyz goýmasa gerek. Arzan TM mobil goşundysy bolsa arzanlaşyklar we aksiýalar dünýäsinde 7-ýaşdan 70 ýaşly ähli adam üçin iň amatly ýol görkeziji bolup biler. «Hilli Söwda» hojalyk jemgyýetiniň «Arzan TM» mobil goşundysy bu ugurdan Türkmenistanda döredilen ilkinji platforma bolup, ol ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak, nagt däl hasaplaşyklary ösdürmek babatda durmuşa geçirilýän işlere mynasyp goşantdyr. Ýönekeý dilde aýdylanda Arzan TM ähli şäherlerdäki iň amatly aksiýalary bir ýerde toplap berýär. Munuň üçin mobil goşundyny telefonyňa ýükläp, welaýatyňy ýa-da şäheriňi saýlamaly. Şonda siziň sebitiňize degişli aksiýalaryň ählisi çykar. ARZAN TM mobil goşundysyny ýükläp alyp: Türkmenistanyň ähli şäherlerindäki iň meşhur söwda nokatlarynyň aksiýalaryny we arzanlaşyklaryny görüp bolýar; Öz aksiýaňy ýa-da habaryň bolan beýleki aksiýalary bildiriş edip ýerleşdirip bolýar; Adamlar öýde oturan ýerinden laýk ýa-da dizlaýk (haladym/halamadym) goýmak arkaly bal toplap, pul gazanyp bilýärler. ARZAN TM-da laýk basyp pul gazanyp bolýar! Arzan TM ulanyjylarynyň diňe bir aksiýany görüp bilmekleri üçin däl, eýsem, şol aksiýalar boýunça pikirlerini paýlaşmaklary üçin hem mümkinçilik döredýär. Ulanyjylar platformada aksiýalara «laýk» (haladym) ýa-da «dizlaýk» (halamadym) basyp, şol aksiýa barada pikirini paýlaşyp bilerler. Munuň özi aksiýany hödürleýänleriň öz işine has-da jogapkärli çemeleşmeklerine täsir edýär. Her basylan laýk bolsa ulanyja goşmaça bal getirýär. Bu ballar arkaly ulanyjy gymmat bahaly sowgatlar we nagt däl görnüşde pul baýraklaryny alyp biler. Arzan TM mobil goşundysyny Play Marketden we App Store-den ýükläp alyp bilersiňiz. Saýt: https://arzan.info/