CarsCoops awtoulag neşiri Toyota Camry-niň dokuzynjy nesliniň ilkinji insaýder jikme-jikliklerini çap etdi, dizaýner Joş Berns bolsa CarsCoops-yň sargydy boýunça ýakyn ýyllarda çykmaly awtoulagyň ilkinji renderini döretdi. Toyota Camry Demirgazyk Amerikada we başga-da birnäçe ýurtlarda has geçginli ýolagçy sedany hasaplanmak bilen, 20 ýyldan bäri pudakda öňdeligi elden bermän gelýär. Onuň häzirki nesli 2017-nji ýylda tanyşdyrylypdy. Täze Camry 2024 XV80 şertli at bilen geçýär. Awtoulag bumerang şekilli inçe swetodiod farlaryna, kontrastly trapesiýa görnüşli radiator gözenegine, şeýle hem täze egri kapota eýe bolmaly. Awtoulagyň tekerleri uly bolar, ýöne ölçegleri takyk aýdylmaýar. Gibrid güýç gurluşy 2,5 litrlik hereketlendirijiniň bazasynda gurlar, onuň kuwwaty bolsa 335 at güýjüne deň bolar. Ondan hem başga, beýleki wersiýalarda 3,5 litrlik atmosfera hereketlendirijisiniň ýerini kuwwaty 265 a.g.-ne deň bolan 2,4 litrlik turboüfleýjili dört silindrli hereketlendiriji bilen çalşyrarlar.