Halkara futbol federasiýasynyň wersiýasy boýunça 2022-nji ýylyň iň gowy futbolçysy diýen baýraga dalaş edýänleriň kimlerdigi belli boldy. Dalaşgärleriň sanawy FIFA-nyň resmi saýtynda çap edildi. "France Football" neşiriniň wersiýasy boýunça şeýle baýragyň häzirki eýesi Karim Benzema, Katarda geçirilen dünýä çempionatynyň iň gowy oýunçysy Lionel Messi we Katar-2022-niň iň köp gol geçiren oýunçysy Kilian Mbappe hormatly at ugrunda bäsleşerler. Iki fransuz bilen bir sany argentinaly oýunça Erling Holand, Robert Lewandowski, Sadio Mane, Neýmar, Winisius Žunior, Mohamed Salah, Luka Modriç, Hulian Alvares, Jud Bellingem, Kewin De Bruýne we Aşraf Hakimi bäsdeş boldular. 2021-nji ýylyň jemleri boýunça iň oňat oýunçy adyna Robert Lewandowskiniň ykrar edilendigini ýatladýarys.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir