«Formula 1-iň» ýedi gezek çempiony Lýuis Hemilton “Mançester Ýunaýtedi” satyn almak barada teklip hödürlemegi meýilleşdirýär. Onuň ýoldaşy iňlis telekeçisi ser Jim Retkliff bolar. Mirror gazetiniň habaryna görä, “Mançester Ýunaýtediň” häzirki eýeleri kluby satmaga taýyn we alyjy gözleýärler. Angliýanyň iň baý adamlaryndan biri bolan Retkliff “Mançester Ýunaýtedi” satyn almak üçin esasy dalaşgär görülýär. Hemilton - telekeçiniň dosty we işewür hyzmatdaşy. Neşiriň pikiriçe, şeýle gymmat söwdany olar bilelikde çekip bilerler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir