«Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda B-92 kysymly awiabenzini öndürilip başlandy. Bu hoş habary 13-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer Ş.Abdrahmanow habar berdi. Wise-premýer daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümiň – B-92 kysymly awiabenziniň öndürilip başlanandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, önümiň bu görnüşini öndürmek boýunça tehniki şertleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy bilen Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi bilelikde işläp taýýarlady hem-de degişli işleri ýerine ýetirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir