Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanowa hem-de Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy B.Amanowa berk käýinç yglan etdi. Degişli resminamalara döwlet Baştutany 13-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde gol çekdi. Resminamalarda bellenilişi ýaly, berk käýinç «wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin» yglan edildi we ýolbaşçylar «ýol berlen kemçilikler gysga wagtyň içinde düzedilmese, eýeleýän wezipelerinden boşadyljakdygy» barada duýduryldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir