23-28-nji aprel aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde talyplaryň arasynda III Açyk halkara matematika olimpiadasyny ilkinji gezek Aşgabat şäherinde geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda 2023-nji ýylyň 12-nji aprelinde makroykdysadyýet, 16-njy maýynda dünýä ykdysadyýeti dersleri boýunça Açyk halkara internet olimpiadasyny sanly ulgam arkaly geçirmek meýilleşdirilýär. Bular barada wise-premýer N.Amannepesow anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi. Bellenilişi ýaly, halkara olimpiadalara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan başga-da, Russiýa Federasiýasynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Italiýanyň, Rumyniýanyň, Türkiýäniň, Hindistanyň, Belarusuň, Özbegistanyň, Gazagystanyň we beýleki onlarça döwletiň ýokary okuw mekdeplerinden talyplaryň gatnaşmagyna garaşylýar.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir