Wýetnamda COVID-19 keseliniň güýçlenmegine garşy göreş sebäpli serhet nokatlarynda we halkara howa menzillerinde gözegçilik çäreleri güýçlendiriler. Bu barada Sinhua agentligine salgylanyp, forbes.kz habar berýär. Wýetnamyň hökümeti daşary ýurtly raýatlar üçin wiza bermegiň düzgünine üýtgetmeler girizmegi tabşyrdy. Wýetnamyň premýer-ministri Fam Min Tin Medeniýet, sport we syýahatçylyk ministrligine syýahatçylary we ýerli ýaşaýjylary koronawirus ýokanjyndan goramak üçin çäreleri görmegi tabşyrdy. Ýurduň häkimiýetleri ýazda Hytaýda Aý senenamasy boýunça Täze ýyl baýramçylygynyň bellenmegi we birnäçe ýurtlarda wirus bilen göreş çäreleriniň gowşadylmagy sebäpli täze koronawirus bilen keselleme hadysalarynyň ýüze çykmagyndan howatyrlanýarlar. 9-njy ýanwardaky ýagdaýa görä, Wýetnamda 11 525 763 adam koronawirus ýokanjy bilen keselledi. Olaryň 92%-i sagaldy. 43 186 adam ýogaldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir