Günorta Koreýanyň Samsung Group senagat ägirdiniň bölümçesi bolan Samsung Engineering kompaniýasy Taýwanyň CTCI Corporation kompaniýasy bilen bilelikde Katarda nebithimiýa zawodynyň gurluşygy üçin tender gazandy. Bu barada kompaniýa salgylanyp, bigasia.ru habar berýär. Şertnama 2,5 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar. Tendere görä, Samsung Engineering etileniň sintezi boýunça önümçilik kuwwatynyň ýola goýulmagyna jogap berer, Taýwanyň kompaniýasy bolsa zawodyň galan infrastrukturasyny gurar. Gurluşyk işleriniň 2026-njy ýylyň ahyryna çenli tamamlanmagyna garaşylýar. “Bu taslamanyň ýyllyk göwrümi 2,08 mln tonna bolan etileni çykarmak boýunça iň uly önümçilik işleriniň birini ýola goýmaga mümkinçilik berjekdigini bellemek gerek. Samsung Engineering taslamany üstünlikli durmuşa geçirip biljekdigine ynanýar” – diýlip, kompaniýanyň habarynda aýdylýar. Şertnama Dohadan onlarça kilometr uzaklykda ýerleşýän we nebithimiýa önümçiligi, şol sanda suwuklandyrylan gazy öndürmek bilen meşgullanýan Ras-Laffan senagat merkeziniň ösüş taslamasynyň bir bölegi hasaplanýar. Şertnamada sargytçy bolup Ras-Laffan Petrochemincals çykyş edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir