Tesla-nyň we Twitter-iň baş direktory soňky bir ýylda baýlygynyň şeýlebir köp bölegini ýitirdi welin, Ginnesiň rekordlar kitaby ony ebedileşdirmek kararyna geldi. Guramanyň metbugat beýanatyna görä, Ilon Mask "taryhda iň uly şahsy baýlygy ýitirmek" boýunça dünýä rekordyny täzeledi. Maskdan ozalky rekordy 2000-nji ýylda şahsy baýlyk ýitgileri 58,6 milliard dollar bolan Softbank -yň esaslandyryjysy we baş direktory Masaýosi Son goýupdy. Dekabr aýynyň ahyrynda Teslanyň baş direktorynyň taryhda 200 milliard dollardan gowrak baýlygyny ýitiren ilkinji we şu wagta çenli ýeke-täk adamdygy habar berlipdi. Bloomberg-iň hasaplamalaryna görä, Maskyň sap baýlygy 2021-nji ýylyň noýabr aýynda 340 milliard dollar bolupdy. Emma Maskyň baýlygynyň esasy bölegini emele getirýän Tesla paýnamalary geçen ýyl 65% arzanlady. Mask oktýabr aýynda Twitter-i satyn alandan soň, olaryň pese gaçmagy çaltlaşdy. Netijede, Mask indi dünýäniň iň baý adamy hasaplanmaýar. Ol bu derejäni Louis Vuitton-a eýeçilik edýän fransuz kompaniýasynyň başlygy Bernar Arno geçirdi. Bloomberg-iň soňky hasaplamalaryna görä, Maskyň häzirki baýlygy takmynan 129 milliard dollardyr.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir