Ýakynda meşhur “Goal” sport neşiri öz resmi saýtynda dünýäniň futbol taryhynda iň şowsuz bolan bäş transferi ýerleşdirdi. Munda birinji orny 2018-nji ýylyň başynda “Liwerpul” futbol klubundan Ispaniýanyň “Barselona” klubuna geçen Filippe Koutinýonyň transferi eýeledi. Oýunçynyň transfer bahasy 120 mln ýewro boldy we ýene 40 mln ýewro bonusa girdi. Ýöne ýarym ýyldan soň Filippe oýunçy üçin hukuklary satyn almakdan boýun gaçyran Germaniýanyň “Bawariýa” futbol klubuna kärendesine berildi. “Barselonadaky” çykyşynyň çäginde ýarym goragçy esasy oýunçy bolup bilmedi. Reýtingiň indiki orunlary barada aýdylanda, olary şu aşakdaky futbolçylar eýeledi: Antuan Grizmann (transfer “Atletiko” – “Barselona”, 120 mln ýewro); Žoau Feliks (transfer “Benfiki” – “Atletiko”, 126 mln ýewro); Usman Dembele (transfer “Borussiýa” – “Barselona”, 105 mln ýewro); Pol Pogba (transfer “Ýuwentus” – “Mançester Ýunaýted”, 89,5 mln funt sterling).

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir