Aşgabadyň ýaşaýjylary ýaşaýyş-jemagat hyzmatlary üçin hasaplary internet arkaly tölemek üçin täze sanly hyzmatlar portalyndan peýdalanyp bilerler. Aşgabat şäher häkimligi suw tölegi, güwänamalar, zir-zibil tölegi we jaý jemagat hyzmatlary üçin tölegleri tölemek üçin raýatlara e.ashgabat.gov.tm saýtyny elýeterli etdi. Habar berlişi ýaly, şäher häkimliginiň saýtynda kompýuteriň ýa telefonyň hem-de bank kartynyň kömegi bilen aşgabatlylar «Suw tölegi», «Zir-zibil tölegi», «Jaý jemagat hyzmatlary» bölümleriniň üsti bilen hasaplaryny töläp bilerler. Mundan başga-da, saýtyň üsti bilen «Güwänamalar» bölüminden onlaýn görnüşde şäheriň degişli ýaşaýyş-jemagat edaralaryndan we kärhanalaryndan gerekli güwänamalary alyp bilerler. Munuň üçin ulanyjylar dogry maglumatlary girizmeli. Saýt üç dilde — türkmen, rus we iňlis dillerinde hereket edýär. Portalyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak üçin onda şahsy otag döretmeli. Şahsy otagyň üsti bilen ähli amallary ýerine ýetirip bolar. Munuň üçin ýaşaýan salgyň boýunça ýaşaýyş jaý jemagat gulluklarynyň degişli edarasyna baryp login we parol almaly. Aşgabatdaky suw hojalyk müdirliginde raýatlar saýtdan töleg geçirilende soralýan hasap belgisini alyp bilerler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir