12-nji ýanwarda irden Mary welaýatynyň Üç-ajy obasynda howanyň temperaturasy -26,2 gradusa düşdi. Ýurdumyzyň tutuş sebitinde adatdan daşary sowuk howa gözegçilik edilýär diýip, «Метеожурнал» habar berýär. Şol gün irden Esenguly etrabynda howanyň temperaturasy -10,8 gradus aýaz boldy. Mundan öň, iň sowuk howa görkezijisi bu ýerde 1935-nji ýylda hasaba alnypdy, şonda -7,5 gradus bolupdy. Türkmenabatda howanyň iň ýokary temperaturasy -22 gradusa bardy. Bu 1974-nji ýylda hasaba alnan -16 gradus aýazdan hem 6 gradus sowukdyr. Sarahsda 12-nji ýanwarda termometriň görkezijileri -17,9 gradus görkezdi. 1977-nji ýylda bu ýerde -11,4 gradus sowuk howa görkezijisi hasaba alnypdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir