2022-nji ýylyň 23-nji dekabrynda Indoneziýa döwletinde internet arkaly «World Young Biologist Olympiad 2022» (WYBO) atly bäsleşigi geçirildi. Bäsleşikde türkmenistanly mekdep okuwçylary 2 sany altyn we 1 sany kümüş medal gazandylar. Azerbaýjan, Polşa, Bolgariýa, Hindistan, Malaýziýa, Gyrgyzystan, Meksika, BAE ýaly 20 döwletiň gatnaşmagynda geçirilen bu abraýly bäsleşikde Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Selbi Orazgeldiýewa we 11-nji synp okuwçysy Aknur Garlyýewa altyn medallara, 9-njy synp okuwçysy Mähriban Şöhradowa kümüş medalyna mynasyp boldy.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir