Mercedes-Benz AG 2022-nji ýylda dünýäde bölekleýin satuwlaryny 1% - 2 mln 43,9 müň awtomobile çenli azaltdy. Bu barada kompaniýanyň metbugat relizine salgylanyp, interfax.ru habar berýär. Bu azalma kowide garşy çäklendirmeler hem-de ýarym geçiriji komponentleriň ýetmezçiligi we üpjünçilik zynjyryndaky bökdençlikler bilen baglanyşyklydyr diýip, kompaniýa belleýär. Gibrid awtoulaglaryň we elektromobilleriň iberilişi 19% ýokarlanyp, 319,2 müň birlige ýetdi. Şol sanda elektromobil satuwy iki esseden gowrak (124%) – 117,8 müň birlige çenli ýokarlandy. 2022-nji ýylda kompaniýanyň Hytaýdaky satuwy 1% - 751,7 müň awtoulaga çenli azaldy, Aziýada ol 1% - 987,8 müň birlige çenli ýokarlandy. Ýewropada üpjünçilik 1% ýokarlanyp, 635,1 müň awtomobile ýetdi. Şol sanda Germaniýada ösüş 8% (229,5 müňe çenli) boldy. Demirgazyk Amerikada awtoulag satuwy 3% - 327 müňe çenli, şol sanda ABŞ-da 4% - 286,8 müňe çenli ýokarlandy. Dördünji çärýekde kompaniýanyň tutuş dünýäde satuwy bir ýyl ozalky degişli döwür bilen deňeşdirilende 17% ýokarlanyp, 540,8 müň awtoulag boldy. Şol sanda Hytaýda awtomobil satuwy 13% - 189,1 müňe çenli ýokarlandy. Soňky bir ýylda awtoöndürijiniň bazar bahasy 7% - 71 mlrd ýewro çenli azaldy. Şol bir wagtyň özünde DAX fond indeksi 7,7% ýitirdi.