Apple 2024-nji ýyldan başlap, Günorta Koreýanyň Samsung we LG ýaly bäsdeş kompaniýalaryna az garaşly bolar ýaly, öz gurluşlaryna goýmak üçin öz ekranlaryny öndürmegi meýilleşdirýär. Bu barada sişenbe güni Bloomberg agentligi çeşmelere salgylanyp habar berdi. Olaryň berýän maglumatyna görä, OLED tehnologiýasyndan mikroLED diýilýän tehnologiýa geçmek meýilleşdirilýär. Korporasiýa tarapyndan öndürilen ilkinji displeýlere indiki ýylyň ahyryna çenli Apple Watch akylly sagatlary eýe bolar. Soňra kompaniýa bu ekranlary iPhone ýaly, beýleki gurluşlarynda hem ulanmagy meýilleşdirýär. Agentligiň belleýşi ýaly, displeýleriň täze nesli reňkleri has açyk we doýgun görkezýär, şeýle hem burçdan has gowy görmäge mümkinçilik berýär. Şol bir wagtda, Apple-iň öz öndüren displeýleri goýlan ilkinji gurluşlarynyň deslapky çykyşynyň 2024-nji ýylda däl-de, 2025-nji ýylda bolup biljekdigi hem aradan aýrylmaýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir