Argentina, Beýik Britaniýa we ABŞ tarapyndan bilelikde döredilen «Argentina, 1985» (Argentina, 1985, 2022) filmi daşary ýurt dilindäki iň gowy film hökmünde «Altyn globus» aldy. Baýrak gowşurylyş dabarasy sişenbe güni NBC-de ýaýlyma berildi. Filmde 1976-1983-nji ýyllarda ýurtda häkimiýet başynda duran harbylara garşy bildirilýän aýyplamalary derňeýän aklawçylar toparynyň işi barada gürrüň berilýär. Filme Santýago Mitre režissýorlyk etdi. Edward Bergeriň “Günbatar frontda üýtgeşiklik ýok” (Im Westen nichts Neues, 2022) nemes filmi, Lukas Donteniň režissýorlyk etmeginde Belgiýanyň, Niderlandlaryň we Fransiýanyň bilelikdäki “Ýakyn” (Close, 2022) filmi, S.S. Rajamuliniň “RRR: Ýanyňda ynkylap gygyrýar (RRR, 2022) hindi filmi nominasiýada ýeňiş gazanmak ugrunda göreşdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir