Halkara küşt federasiýasy (FIDE) küşt ýylynyň esasy wakasynyň senesini resmi saýtyndaky wakalar senenamasynda belledi. Russiýanyň grossmeýsteri Ýan Nepomnýaşşiý bilen Hytaýyň wekili Din Liženiň arasynda 17-nji dünýä çempiony diýen ady almak ugrundaky bäsleşik 7-30-njy aprelde geçiriler, çäräniň takyk geçiriljek ýeri entek resmi taýdan yglan edilmedi. Ondan öň FIDE-niň prezidenti Arkadiý Dworkowiç Meksikany ileri tutulýan ýer diýip agzapdy. Ýan Nepomnýaşşiý dalaşgärler ýaryşynyň häzirki ýeňijisidir. Bäsleşikde hytaýly grossmeýster Din Ližen ikinji ýeri eýeläpdi. Häzirki dünýä çempiony norwegiýaly Magnus Karlsen dünýäniň küşt täji ugrundaky ýaryşa gatnaşmakdan ýüz öwürdi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir