BAE-niň premýer-ministri we Dubaýyň hökümdary Muhammet bin Raşid Al Maktum hem-de Dubaýyň mirasdüşer şazadasy Hamdan bin Muhammet Telegram messenjerini esaslandyryjy Pawel Durow bilen duşuşdy diýip, Emiratyň Group Fazza portaly habar berdi. Portal Dubaýyň Zaabil köşgünde geçirilen kabul edişlikde Durowyň Dubaýyň hökümdary we onuň ogly bilen gürleşýän pursatlarynyň suratlaryny ýerleşdirdi. Telegramyň baş edarasy Dubaýda ýerleşýär, 2022-nji ýylda, habar beriş serişdeleriniň habaryna görä, Durow BAE-niň raýatlygyny aldy.