11-nji ýanwarda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahatynda Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň işini bes edip, Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek teklibi bilen çykyş etdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi we oňa giň ygtyýarlyklaryň, şol sanda Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, konstitusion kanunlary kabul etmegiň, olara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň meseleleri boýunça tekliplere garamaga hem-de makullamaga ygtyýarlygyň berilmegi bilen, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň işi bes edilýär. «Şeýlelikde, ýurdumyzda kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan Türkmenistanyň Milli Geňeşi (parlamenti) bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwrülse, maksadalaýyk bolar diýip hasap edýärin» diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir