Italiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Luiji Ferrari Prezident Serdar Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy. Türkmenistanyň Prezidenti dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini bu ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa işinde üstünlikleri arzuw etdi hem-de Italiýa Respublikasynyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Duşuşygyň barşynda baý taryhy we medeni mirasa eýe bolan türkmen hem-de italýan halklarynyň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigi bellenildi. Umumy pikire görä, Medeniýet günleriniň, sergileriň hem-de ylmy maslahatlaryň geçirilmegi arkaly, medeniýetleriň mundan beýläk-de özara baýlaşdyrylmagy döwletara gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna ýardam eder. Italiýa Respublikasynyň ilçisi hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, öz tarapyndan türkmen-italýan gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmäge ýardam etjekdigine hem-de iki ýurduň we olaryň dostlukly halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän däp bolan hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmäge gönükdirilen ugry dowam etjekdigine türkmen döwletiniň Baştutanyny ynandyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir