Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) ilkinji gezek Saud Arabystanyndan zenany halkara emin bellemek kararyna geldi. Bu barada “Arabian Daily” neşirine salgylanyp, gazeta.ru habar berýär. Bu statusa Anud Al-Asmari eýe boldy. Ol özünden başga-da Saud Arabystanyndan ýene ýedi erkek emini öz içine alýan halkara derejesindäki eminleriň hataryna goşulandygyna begenýändigini belledi. Al-Asmari erkekler toparlarynyň oýnunda işlemäge taýýardygy ýa-da däldigi baradaky soraga hem jogap berdi. Ol bu wezipäni Saud Arabystanynyň futbol assosiasiýasy tassyklaýança bu barada pikir etmek islemeýändigini aýtdy. 34 ýaşly Al-Asmari eminlik karýerasyna 2018-nji ýylda başlady. Öň, ol 2019-njy ýylda esaslandyrylan Saud Arabystanynyň milli zenanlar ýygyndysynyň birnäçe oýnuna eminlik etdi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir