Owganystan Amyderýa basseýninden nebit çykarmak barada hytaý kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy. Bu şertnama, «Taliban» hereketi 2021-nji ýylda Owganystanda häkimiýeti eýeläninden bäri, daşary ýurt maýadarlary bilen baglaşylan ilkinji uly şertnamadyr. Ylalaşyga laýyklykda hytaý şereketi demirgazykdaky Sari-Pul, Jauzjan we Farýab welaýatlarynda umumy meýdany 4500 inedördül kilometre barabar bolan çäkde nebit öndürer. Şertnamanyň şertlerine görä, hytaý kompaniýasy ilkinji ýylda 150 million amerikan dollaryny maýa goýmaly, üç ýylda bolsa maýa goýumyň möçberi 540 million amerikan dollaryna ýeter.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir