Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) ýeňil agramda öňki çempiony Habib Nurmagomedow garyşyk başa-baş söweş sungaty (MMA) pudagyndan gitdi. Bu barada Nurmagomedowa ýakyn üç çeşme TASS habarlar agentligine habar berdi. “Habib MMA pudagyny terk etdi. Ol indi türgenleşik geçmez, topary bilen ýygnanyşyklarda bolmaz. Bu maşgalasy bilen köp wagt geçirmek üçin edildi” – diýip, agentligiň söhbetdeşi belledi. Nurmagomedow 34 ýaşynda, ol 2020-nji ýylyň oktýabr aýynda UFC-de karýerasyny tamamlady. Garyşyk başa-baş söweş sungatynda onuň hasabynda 29 ýeňiş bolup, ýekeje-de ýeňliş ýokdur. Ol ahyrky söweşinde amerikaly Jastin Getjini ikinji raundda demikdiriji usul bilen ýeňdi we söweşden soň karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi. Ol özüniň gelen netijesini ejesine beren wadasy bilen düşündirdi. Russiýaly söweşiji 2018-nji ýylyň 7-nji aprelinde amerikaly El Ýakwintany eminleriň biragyzdan karar bermegi bilen ýeňip, UFC-niň çempiony boldy. Ol üç gezek irlandiýaly Konor Makgregora, amerikaly Dastin Porýe we Getjä garşy söweşlerde tituly gorady. 2022-nji ýylyň mart aýynda Nurmagomedow UFC-niň Şöhratlar zalyna goşuldy. Sport karýerasyny tamamlandan soň Nurmagomedow tälimçi boldy. 2020-nji ýylyň noýabr aýynda Habib Nurmagomedow Gorilla Fighting Championship ligasyny satyn alyp, onuň adyny Eagle Fighting Championship diýip üýtgetdi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir