Windows 8.1 10-njy ýanwarda iň soňky täzelenmesini alar. Şondan soň, Microsoft bu operasion ulgamyny «dynç alşa» ugradar diýip, Ghacks habar berýär. Windows 8.1-iň ulanyjylary ony ulanmagy dowam etdirip bilerler, emma ulgamyň howpsuzlyk meselelerini Microsoft hem, ýa başga biri hem çözmez. Brauzerlere we beýleki programmalara täzelenmeler barmaz we käbir web sahypalary işlemegini bes eder, sebäbi täze tehnologiýalar brauzerleriň köne wersiýalary tarapyndan goldanylmaz. Windows-e we Microsoft-yň beýleki apparat üpjünçiligine jogapkär Panos Panaý: Microsoft-yň Windows-da emeli aňa has-da ünsi artdyrjakdygy ozal habar berlipdi: "Emeli aň, sözüň doly manysynda, Windows-da nämäni nädip etjegiňizi üýtgeder " – diýdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir