Dünýäniň 27 ýurdundan, şol sanda Türkmenistandan parlament wekiliýetleriniň gatnaşmagynda 8-10-njy ýanwar aralygynda Antalýada Aziýanyň parlament assambleýasynyň (APA) XIII plenar sessiýasy geçirilýär diýip, ORIENT agentligi habar berýär. Sessiýanyň mowzugy — «Üýtgeýän halkara dinamikasynda köptaraplaýynlygy öňe sürmek». Ara alyp maslahatlaşmalar APA-nyň Baş sekretary Muhammet Reza Majidiniň we türk spikeri Mustafa Şentopyň çykyşlary bilen açyldy. Umumy mejlisden başga-da, APA-nyň hemişelik komitetleriniň mejlisleri hem geçiriler, onda kararlaryň taslamalaryna serediler we ahyrynda beýannama kabul ediler, bu barada Türkiýäniň Beýik milli ýygnagynyň saýtynda habar berilýär. Aziýanyň parlament assambleýasy (APA) 2006-njy ýylda Eýranyň Tähran şäherinde geçirilen Aziýanyň parahatçylyk ugrundaky Parlamentler Assosiasiýasynyň (APAM) ýedinji mejlisinde döredildi

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir