Tailand serhetden geçilende koronawirusa garşy doly sanjym alnandygy baradaky resminamanyň berilmegini ýene talap eder. Bu barada ýurduň Raýat awiasiýasy edarasy habar berýär diýip, interfax.ru belleýär. Şeýle talaplar ýerli wagt bilen 9-njy ýanwar, duşenbe güni gije sagat 1:00-dan başlap gatnawlar bilen gelýän ýolagçylara degişlidir. Bu çäreler, iň bolmanda, ýanwar aýynyň ahyryna çenli hereket eder. Raýat awiasiýasy edarasy daşary ýurtdan gelýän 18 ýaşdan uly adamlar üçin düzgünleriň üýtgedilendigi barada ähli taraplara habar berlendigini belleýär. Oktýabr aýynda Tailandyň häkimiýetleri ýurda gelýänler üçin ýanyňda sanjymy tassyklaýan resminamanyň bolmalydygy baradaky talaby ýatyrdylar. Ýöne, HBS-iň bellemegine görä, Hytaýda koronawirus hadysalarynyň sanynyň artmagy netijesinde bu çäreleri gaýtadan dikeltmek kararyna gelindi. Şeýle-de bolsa, diňe HHR-den gelýänler üçin çäklendirme girizen birnäçe ýurtdan tapawutlylykda, Tailandyň häkimiýeti bu çäreleri ähli ýurtlara degişli etdi. Raýat awiasiýasy edarasynyň resmi saýtynda Tailandda tassyklanan 16 sanjymdan ybarat sanaw ýerleşdirildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir