Madridiň «Realynyň» öňki baş tälimçisi Zinedin Zidan Braziliýanyň we Portugaliýanyň milli ýygyndylaryna tälimçi bolmak tekliplerinden ýüz öwürdi diýip, Fransiýanyň HBS-i habar berýär. Muny sovsport.ru ýetirýär. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, Zidan milli assosiasiýalardan gelen iki teklibi-de ret etdi. Şeýle-de, Zidan Ýewropanyň islendik bir kluby bilen işlemegi makul bilip, ABŞ-nyň milli ýygyndysyna ýolbaşçylyk etmek teklibinden hem ýüz öwürdi. Öň, Zidanyň Fransiýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi bolup biljekdigi habar berildi, ýöne iki gezek dünýä çempionlarynyň häzirki halypasy Didýe Deşam bilen şertnamanyň möhleti 2026-njy ýyla çenli uzaldyldy. Şeýle-de, Zidanyň “PSŽ-niň” tälimçisi wezipesine göz öňüne tutulandygy habar berildi. 50 ýaşly hünärmen 2021-nji ýylyň tomsunda Madridiň “Realyny” terk edeni bäri işsizdir.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir