9-njy ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Maslahatyň barşynda welaýat häkimleri ekin meýdanlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, hususan-da, bugdaýa edilýän ideg işleriniň geçirilişi barada hasabat berdiler. Bellenilişi ýaly, bugdaýa ideg etmek işleri agrotehniki talaplara laýyklykda alnyp barylýar, gowaça ekiljek ýerlerde sürüm we tekizleýiş işleri geçirilýär, oba hojalyk möwsüminde ulanyljak tehnikalardyr gurallar abatlanylýar. Ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işi dowam edýär, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görülýär, pagtaçy daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek maksady bilen, degişli işler geçirilýär. Mundan başga-da, häkimler welaýatlarda ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, elektrik energiýasy, suw, tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynda meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Wise-premýer A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlaryndaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, wise-premýere hem-de welaýatlaryň häkimlerine möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, aýratyn-da, bugdaýa ideg etmegiň, gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamagyň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň üpjün edilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny aýtdy we degişli tabşyryklary berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir