CIES Football Observatory dünýäniň iň gymmat futbolçylarynyň reýtingini hödürledi. Gözleg topary dünýäniň 75 ligasynda 30 müňden gowrak oýunça baha berdi. Şeýlelikde, dünýäniň iň gymmat futbolçysy Angliýanyň milli ýygyndysynyň we Dortmundyň “Borussiýasynyň” ýarym goragçysy Jud Bellingem boldy. Onuň transfer bahasy 208,2 mln ýewro bilen bahalandyrylýar. Üçlüge “Mançester Sitiniň” ýarym goragçysy Filip Foden (200,5 mln ýewro) we “PSŽ-niň” hüjümçisi Kilian Mbappe hem (190,7 mln ýewro) girdi. Bu barada championat.com belleýär. CIES-iň reýtinginiň ilkinji onlugy şeýle görnüşde: Jud Bellingem (208,2 mln ýewro, Dortmundyň “Borussiýasy”); Filip Foden (200,5 mln ýewro, “Mançester Siti”); Kilian Mbappe (191,7 mln ýewro, “PSŽ”); Winisius Žunior (190,5 mln ýewro, Madridiň “Realy”); Erling Holand (174,9 mln ýewro, “Mançester Siti”); Pedri (170,2 mln ýewro, “Barselona”); Gawi (147,6 mln ýewro, “Barselona”); Jamal Musiala (145,1 mln ýewro, “Bawariýa”); Ýoşko Gwardiol (125,8 mln ýewro, “RB Leýpsig”); Federiko Walwerde (123,5 mln ýewro, Madridiň “Realy”). Ýeri gelende “PSŽ-niň” hüjümçisi Lionel Messi bilen “Al-Nasryň” hüjümçisi Kriştianu Ronaldunyň reýtingiň hatda ilkinji ýüzlügine-de goşulmandygyny bellemek gerek.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir