“Forbes”amerikan žurnalynyň habar bermegine görä, 2022-nji ýylda bäş milliarder – Tesla-nyň ýolbaşçysy we SpaceX kompaniýasynyň baş inženeri Ilon Mask, Amazon internet kompaniýasyny esaslandyryjy Jeff Bezos, Meta kompaniýasynyň egindeş esaslandyryjysy Mark Sukerberg, Google Alphabet kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji müdiri Larri Peýj we Google-yň egindeş esaslandyryjysy Sergeý Brin – rekord derejede pul mukdaryny ýitirdi. Ýagny, olaryň ýitgisi umumylykda 378 mlrd dollara barabar boldy. Bu barada gazeta.ru belleýär. Olaryň arasynda Mask has köp ýitgi çekdi – 125 mlrd dollar. Geçen ýyl telekeçiniň kapitalynyň esasyny düzýän Tesla-nyň paýnamalary Twitter sosial ulgamynyň satyn alnandygy yglan edilenden soň 65% pese gaçdy. Jeff Bezos Amazon-yň paýnamalarynyň bahasynyň 50% pese gaçmagy netijesinde 2022-nji ýylda 85 mlrd dollar ýitirdi. Mark Sukerberg 77 mlrd dollar ýitirdi, sebäbi Meta-nyň paýnamalarynyň bahasy maýadarlaryň kompaniýanyň metaälemi döretmek bilen bagly meýilnamalaryna şübhe bildirmekleri sebäpli bir ýylyň dowamynda 64% arzanlady. Dördünji we bäşinji orunlarda, degişlilikde, Larri Peýj we Sergeý Brin ýerleşdi. Olaryň birinjisi 46 mlrd dollar, ikinjisi 45 mlrd dollar ýitgi çekdi. Alphabet kompaniýasynyň paýnamalary IT bazarynyň umumy peselmegi bilen 2021-nji ýylyň ahyryndan bäri 39% pese gaçdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir