Taýwan kompaniýasynyň inženerleri indi olaryň täze önümini müşderiler akyl işini pedaly aýlamak bilen utgaşdyryp ulanyp biljekdiklerini aýdýarlar. Acer ABŞ-da geçýän CES elektronika sergisinde kompýuteriň başynda uzak wagtlap oturmaga mejbur bolýan ofis işgärleri üçin “sagaldyş” gurluşyny hödürledi. EKinekt BD 3 kofe gabyny goýmak üçin ýörite ýeri bolan iş stoly bilen enjamlaşdyrylan tigir trenažýorydyr. Onuň üsti islendik ululykdaky noutbugy goýmak üçin ýeterlik giňdir. Onda dik oturyp işläbem bolýar, ýa-da stoly özüňden daşlaşdyryp, tigriňkä meňzeş tutawaçdan tutup, has işjeň türgenleşik üçin öňe eglip bolýar. Öndürijiniň metbugat gullugy gurluşyň "ekologiýa taýdan arassalygyny" nygtaýar - pedaly aýlamak arkaly ulanyjy elektrik öndürýär we gurluşyň korpusy, esasan, gaýtadan işlenen plasmasdan ýasalandyr. Şeýle-de bolsa, myşsa işledip alnan energiýa noutbuga zarýad bermäge kemlik eder. Öndürilen elektrik energiýasy diňe smartfonlara we beýleki kiçi gurluşlara zarýad bermäge ýeter. EKinekt BD 3 iki USB-A porty we bir USB-C bilen enjamlaşdyrylan. Gurluş ABŞ-da iýun aýynda 999 dollara satuwa çykarylar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir