«PSŽ-niň» we Argentinanyň milli toparynyň hüjümçi Lionel Messi abraýly neşiriň wersiýasy boýunça 2022-nji ýylyň «çempionlarynyň çempiony» diýip ykrar edildi. L'Équipe toparynyň redaksiýasynyň işgärleriniň habar bermegine görä, «Çempionlaryň çempiony» kubogy ýylyň jemi boýunça iň görnükli türgene berilýär. Reýting 4-nji dekabrda tamamlanan gizlin ses berişligiň netijelerine görä düzüldi. Ses berişligiň netijelerine görä, Lionel Messi 808 utuk bilen birinji ýeri eýeledi. «PSŽ-niň» we Fransiýanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Kilian Mbappe 381 utuk bilen ikinji ýerde durýar. Ispaniýaly tennisçi Rafael Nadal ilkinji üçlügi jemledi (285). Reýtingde dördünji orny belgiýaly welosipedçi Remko Ewenepul eýeledi. Ilkinji 5-lige niderlandly Maks Werstappen girdi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir