Boks boýunça sekiz agram kategoriýasynda öňki dünýä çempiony Menni Pakýao 2023-nji ýylda karýerasyny gaýtadan dikeldip biler. Bu barada boksçynyň wekili TASS habarlar agentligine habar berdi. “Menni boksa gaýdyp gelmek mümkinçiligi barada köp gürrüň edýär. Ol özüni formada saklaýar, türgenleşýär. Oňa diňe, hakykatdanam, uly waka bolmagy üçin çagyryş gerek. Ýöne boksa gaýdyp gelmek mümkin” – diýip, agentligiň söhbetdeşi belledi. 10-njy dekabrda Pakýao eminleriň biragyzdan karar bermegi bilen günorta koreýaly bloger Di Keý Ýony ýeňdi. Filippinli türgen 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda karýerasyny tamamlady. Pakýaonyň hasabynda professional ringde 62 ýeňiş (39-sy nokaut bilen), 8 ýeňliş we 2 deňme-deňlik bar. Ol taryhda sekiz agram kategoriýasynda dünýä çempiony bolan ýeke-täk boksçydyr. Pakýao karýerasynyň dowamynda ençeme wagtlap, agram kategoriýasyna garamazdan, iň gowy boksçy hasaplandy, ol taryhda iň gowy boksçylaryň reýtinglerine girýär.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir