Ýakynda Futbolyň taryhy we statistikasy halkara federasiýasynyň (IFFHS) resmi saýtynda geçen 2022-nji ýylyň iň gowy derwezebanlarynyň sanawy neşir edildi. Bu barada c-sport.info habar berýär. Şeýlelikde, ýylyň derwezebany eýýäm ikinji gezek “Real” futbol klubunda çykyş edýän belgiýaly Tibo Kurtua boldy. Ol 125 utuk gazanmagy başardy. Onuň yzyndan Argentinanyň “Aston Willa” futbol kluby üçin çykyş edýän derwezebany Emiliano Martines gelýär. Ol Kurtuadan 15 utuk yza galýar. Üçlügi “Sewilýa” futbol klubunda oýnaýan marokkoly Ýassin Bunu jemleýär. Ol 55 utuk gazandy. Sanawyň soňky orunlarynda derwezebanlar jübüt ýerleşdiler. Ýagny, 7-nji we 8-nji orunlary slowakiýaly Ýan Oblak (“Atletiko”) we braziliýaly Alisson (“Liwerpul”) paýlaşdy. Olaryň hersi 10 utuk gazandy. Soňky iki orunda 5 utuk bilen angliýaly derwezeban Jordan Pikford (“Ewerton”) we fransiýaly derwezeban Maýk Menýan (“Milan”) ýerleşdi. Şeýle-de, iň gowy derwezebanlaryň sanawyna horwatiýaly Dominik Liwakowiç (“Dinamo” Zagreb), “Tottenhemden” fransiýaly Ugo Loris we “Ýuwentusdan” polşaly Woýçeh Şçensny goşuldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir