ABŞ-nyň ýurda gelýänleriň sanjym kepilnamasynyň bolmagyny talap edýän düzgünleriň hereket ediş möhletini uzaldandygy sebäpli tennisçi Nowak Jokowiç iki sany möhüm amerikan ýaryşyny – “Indian-Uells” we “Maýami open” ýaryşlaryny sypdyrmaly bolar. Bu barada ru.publika.md saýtynda habar berilýär. Indi ABŞ-a girilende koronawirusa garşy sanjym kepilnamasy azyndan 10-njy aprele çenli talap ediler. Jokowiç bolsa şeýle sanjymy almandygyny boýun aldy. “Indian-Uells” we “Maýami open” “Uly tuwulga” ýaryşlaryndan soň tennis senenamasyndaky iň abraýly iki ýaryşdyr. Olar, degişlilikde, 6-njy we 20-nji martda başlaýar. Häzirki wagtda Jokowiç Awstraliýadaky oýunlara gatnaşýar. Ýatlap geçsek, bir ýyl mundan ozal Jokowiç sanjym meselesi sebäpli Awstraliýanyň Açyk çempionatynyň öňüsyrasynda ol ýerden uly dawa bilen deportasiýa edilipdi. Awstraliýa hökmany sanjym baradaky talabyny heniz iýul aýynda ýatyrdy, noýabr aýynda bolsa Jokowiç üçin ýurda girişe üç ýyl gadaganlyk ýatyryldy. Häzir Jokowiç ýylyň ilkinji “Uly tuwulga” ýaryşyna, 16-njy ýanwarda başlaýan Awstraliýanyň Açyk çempionatyna taýýarlanýar. Jokowiç bu ýaryşda dokuz gezek ýeňiş gazandy. Umuman alanyňda, onuň “Uly tuwulga” ýaryşlarynda 21 ýeňşi bar, bu şeýle ýeňişleriň sany boýunça rekord eýesi Rafael Nadaldan bir san azdyr.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir