Günorta Koreýanyň Samsung Electronics korporasiýasy 2022-nji ýylyň dördünji çärýeginde operasion girdejisiniň çiplere we smartfonlara islegiň pes bolmagy sebäpli 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 69% peselendigini habar berdi. Degişli deslapky maglumatlar kompaniýanyň saýtynda ýerleşdirildi diýip, TASS habar berýär. Oktýabr – dekabr aýlarynda operasion girdeji 4,3 trln wona barabar boldy ($3,4 mlrd). Bir ýyl ozal bu görkeziji 13,8 trln wona deňdi ($10,8 mlrd). 2022-nji ýylyň üçünji çärýeginde – 10,8 trln wona ($8,5 mlrd). Yonhap agentligi kompaniýanyň operasion girdejisiniň 2014-nji ýyldan bäri ilkinji gezek çärýekde 5 trln wonadan ($3,9 mlrd) az bolandygyny belleýär. Tutuş ýylyň dowamynda operasion girdejiniň 16%, 43 trln wona çenli ($33,8 mlrd) azaljakdygy çak edilýär. Umumy satuw göwrümi 70 trln wona ($55 mlrd) boldy, bu bolsa geçen ýyla garanyňda 8,5% azdyr. Ähtimal, 2022-nji ýyl üçin satuw 7,9%, korporasiýa üçin rekord derejeli 301,7 trln wona ($237 mlrd) çenli ýokarlanar. Anyk maliýe maglumatlary 31-nji ýanwarda neşir ediler. Kompaniýa geçen ýylyň dördünji çärýeginde islegiň garaşylandan hasam pes bolandygyny belleýär. Bu bolsa öz gezeginde ýat mikroshemalary üçin bahalaryň has arzanlamagyna getirdi. Mundan başga-da, makroykdysady meseleler sebäpli smartfonlaryň, durmuş tehnikasynyň satuwy-da azaldy diýip, korporasiýa belleýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir