«Ahal» futbol klubunyň tälimçisi Mergen Orazow futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysyna baş tälimçi bellenildi. Şeýle karar Türkmenistanyň futbol federasiýasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň nobatdaky mejlisinde kabul edildi. Mergen Orazow Türkmenistanda 2022 möwsüminiň iň gowy tälimçisi diýlip yglan edildi. Onuň ýolbaşçylygynda «Ahal» topary taryhda ilkinji gezek çempion boldy. Şeýle hem Ýerine ýetiriji geňeşiň karary bilen Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň «Deňizçi» klubunyň tälimçisi Ýakup Öwezow futzal boýunça milli ýygyndynyň tälimçisi bellenildi. Geçen möwsümde onuň ýolbaşçylygynda klub futzal boýunça Superligany gazandy. Türkmenistanyň 23 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysynyň tälimçisi Ahmet Agamyradowyň we 20 ýaşa çenli ýygyndysynyň tälimçisi Seýit Seýidowyň, şeýle hem Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň tälimçisi Kamil Mingazowyň ygtyýarlyklary uzaldyldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir