TmCars.info-nyň habar berşi ýaly, şu gün Pekinde Serdar Berdimuhamedow bilen Si Szinpiniň duşuşygy geçirildi. Serdar Berdimuhamedow mähirli kabul edilendigi üçin Si Sizinpine minnetdarlyk bildirdi we ony iki tarap üçin amatly wagtda Türkmenistana döwlet sapary bilen gelmäge çagyrdy. Belläp geçsek, ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň barşynda strategik häsiýete eýe bolan türkmen-hytaý gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir