6-njy ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyrýan döwlet saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary dostlukly ýurduň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen ýaşlary bilen duşuşdylar. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde aýdylýar. Dostlukly ýurduň abraýly okuw mekdeplerinde tehniki we ynsanperwer bilimleri üstünlikli özleşdirýän türkmen ýaşlary bilen geçirilen duşuşykda dürli hünärler boýunça dünýä derejesinde ýokary bilim almak meselesine üns çekilip, ýurdumyzda ýaş nesliň hemmetaraplaýyn bilim almagy, ylym dünýäsine çuňňur aralaşmagy babatda döwlet derejesinde uly alada edilýändigi aýratyn nygtaldy. Wekiliýet agzalary bu ýerde bilim alýan talyplara Gurbanguly Berdimuhamedowyň galamyndan çykan «Ömrümiň manysy» atly kitaby gowşurdylar.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir