9-njy ýanwarda Türkmenistanda Aşgabat — Sarahs — Aşgabat hem-de Aşgabat — Arçman — Aşgabat ugurlary boýunça iki sany täze şäherara awtobus gatnawy açylar diýip, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň saýtynda habar berilýär. Aşgabat - Sarahs ugry boýunça gatnawyň peteginiň bahasy — 35 manat, Aşgabat — Arçman gatnawynyň bahasy — 15 manat. Awtobuslar şu tertip boýunça hereket ederler: Aşgabatdan Sarahsa ugraýan wagty — 09:30, Sarahsdan Aşgabada ugraýan wagty — 07:00, Aşgabatdan Arçmana ugraýan wagty — 07:00 we 12:30, Arçmandan Aşgabada ugraýan wagty — 09:30 we 15:20.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir