Ford F-Series-iň maşgalasy 2022-nji ýylda ABŞ-da iň köp satylan awtoulag adyny saklap galdy. Awtoulag öndürijisiniň metbugat gullugy 46 ýyl bäri bu awtoulag modeliniň adyny mynasyp saklap gelýändigini aýtdy. Mundan başga-da, F-Series 41 ýyl bäri ABŞ-da iň köp satylýan awtoulag adyny elden bermän gelýär. Ford-yň maglumatlaryna görä, 2022-nji ýylda kompaniýa bu görkezijini saklady. Ol bu pikaplardan 640 müň sanysyny, her 49 sekuntda bir awtoulag satdy. Amerikan şereketiniň hasaplamagyna görä, 2022-nji ýylda satylan F-Series-leri bir-biriniň yzynda bamperi bampere degrip goýsaňyz, olaryň zynjyry 2,4 müň mil-e (3,8 müň km-e) uzap gider we Los Anželesden Detroýta ýeter. 2023-nji ýylda bu modeliň goýberilip başlananyna 75 ýyl dolýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir