Pul öz kimdigiňi aýan etmegiň ýeke-täk çykalgasy däl. Tutýan maksadyň nähili bolanda-da, aňyňyzda gazanmak isleýän netijäňizem, gazanylan netije diýip göz öňüne getirmek bilen, ol siz üçin isleýän maksadyňyza ýetmek mümkinçiligini döreder. Ýokarky aýdylan pikirler özüňi, hereketiňi işe, maksada taýýarlamak ýoly bolup hyzmat edýär. Ynamly, umytly bolmak ýaly zerur häsiýetler biziň köpimizde gyssagara, tötänlikde döreýär. Biz pikirleriň gowusynam, hordasynam daşymyzy gurşaýan dünýäden sorup alarys. Şonuň üçinem bu kitabyň esasy manylarynyň biri, siziň şemalyň şahadan tändirip, ýere gaçyran ýapragy däldigiňizi özüňize ynandyrmak bilen bagly. Siz öz ynamyňyzy özüňiz döredip, özüňiz hem ony ugrukdyryp bilersiňiz. Siz başgalaryň modelirlän ukyplaryny işledip hem bilersiňiz. Siz öz durmuşyňyzy nirä ugrukdyranyňyza akyl ýetirmek bilen, gönükdirmegi başararsyňyz. Siz üýtgemelere, özgermeklere-de ukyply. Eger şu kitapda esasy, agramly, manyly bir söz bar bolsa, ol ― özgermekdir. Size iň esasy sowallaryň birini beresim gelýär. Siziň ynamlaryňyzdan «Siz kim, siz näme etmäge ukyply?» diýen sowala iň degişlisi haýsy? Birnäçe minutyňyzy sarp ediň-de, ozal siziň rowaçlyga barýan ýoluňyzda kynçylyk döreden ynamyňyzyň bäş sanysyny kagyza geçiriň. 1.______________________________ 2. ______________________________ 3. ______________________________ 4. ______________________________ 5. ______________________________ Indi bolsa häzir sizi goldaýan, size ýardam edýän ynamyňyzdan bäş sanysynyň haýsylardygyny görkeziň. 1. ______________________________ 2. ______________________________ 3. ______________________________ 4. ______________________________ 5. ______________________________ Biziň siz bilen bir üns bermeli zadymyz, ýazanlaryňyzyň her haýsynyň senesini, onda-da hut ýazylan wagtynyň senesini bellemek. Olaryň hiç biri-de iň soňky derejedäki çözgüt däl. Ol diňe belli bir şahsa hem belli bir wagta degişli. Onuň üýtgemegi-de mümkindir. Eger ynamyňyzyň ýakymsyz ulgamy dörän bolsa, onuň özüňize nähili zyýan ýetirjekdigine derrew düşünmelisiňiz. Şeýle hem ynam ulgamy saçyň uzynlygy, haýsydyr bir saza bolan garaýyş, kimdir birine gatnaşygyňyz ýaly üýtgäp duran zatdyr. Eger häzir siz «Honda» münýän bolsaňyz, «Kraýsler», «Kadillak» ýa-da «Mersedes» edinseňiz bagtly bolaryn diýen netijä gelseňiz, ol meseläni çözmek öz eliňizden gelýär. Siziň içki göz öňüne getirmäňiz hem ynamyňyz bir hatardaky zatdyr. Olar siziň göwnüňizden turmasa, çalşyryp hem bilersiňiz. Biziň kalbymyzda gymmatlyklaryň hemmesi ýörite sanaw boýunça saklanylýar. Biz iň aýratyn gymmatlyk hasaplaýan düşünjämiziň esasy ýörelgeleri üçin, janymyzy gurban etmäge-de taýyn. Olar watanperwerlik, maşgala hem söýgi. Ýöne durmuşymyzyň esasy bölegi başga ynam bilen ugrukdyrylýar. Ol üstünligiň hem bagtyň mümkinçiligi barada özümizden erksiz diýen ýaly, uzak ýyllaryň dowamynda döreden ynamymyz. Mesele ol ynamyň biz üçin işleýänini-işlemeýänini, peýdaly ýa peýdaly däldigini, ruhy taýdan goldaw berýändigini ýa-da bermeýändigini seljermekde. Biziň hususy ynamymyz nireden peýda bolýar? Köçede ilki gabat gelenden alýarysmy ýa-da radio, telewizion gepleşiklerden? Ýa-da biz ony uzak gepleýän hem sesi hemme kişiniňkiden ýokary adamdan alýarysmy? Eger siz ýetişikli bolmak isleseňiz, özüňizde ynam oýarmakda öýkünjek bolup, gyrak-bujakda gezim edip, gabat geleniň nusgasyna öýkünmän, örän eserdeň bolmaly. Bizde bar bolan mümkinçiligiň, gazanýan netijelerimiziň, özümiziň yzygiderli hereketimiziň hemmesiniň ynamdan başlanýandygyny bilmegimiz zerur. Mysal üçin, adam haýsydyr bir işiniň amala aşmajagyna ynanýar. Aýdaly, ol gowşak talypdygyna özüni ynandyrýar. Ýöne ol gowşaklyk barada pikir edip ýörkä, mümkinçilikleriniň haýsy bölegini kömege çagyryp biler? Kömek etjek içki güýç onda känem däl ahyryn. Ol eýýäm özüne bilýän zadynyň azdygyny ynandyrýar, öz beýnisine-de şowsuzlyga garaşýandygynyň habaryny ýetirýär. Eger ol ömrüni şeýle ýagdaýda, şeýle hereket bilen başlaýan bolsa, soň ondan nämä garaşjak? Onuň hereketi maksada okgunly, özüne ynamly adamyň hereketi bolar öýdýäňizmi? Onuň hereketi özüniň hakyky dünýäsini açyp, hakyky mümkinçiligini görkezermi? Has dogrusyny aýtsak, görkezmez. Eger sizde şowsuzlyk bilen bagly gutarnykly ynam bar bolsa, irginsiz zähmet çekmegiň hajaty hem ýok. Sebäbi siz ynam ulgamyňyzy maksadyňyzdan netije çykmajak many esasynda gurduňyz, degna ulgamyna habar ýetirýän signal hem kalbyňyzda şowsuzlyk ynamyny döredýär. Siz öz mümkinçilikleriňiziň diňe örän az bölegini işe gönükdirdiňiz. Edýän hereketiňiz gowşak, çyn ýürekden däl hereket bolar. Şol ýagdaýdan nähili netije çykar? Ol ujypsyzja netije bolar. Ol indiki işleriňize nähili täsir ýetirer? Ol ujypsyzlygyň diňe siziň başda şowsuzlygy döreden ýakymsyz ynamyňyzyň berkemegine, güýjemegine getirjekdigini ynam bilen aýtsa bolar. Eger bu ýagdaýy üstünligiň formulasy diýip atlandyrsak, onda «Los-Anjeles reýderz» futbol komandasyny hem balet truppasy hasaplamak bolar. Bu ýagdaýda biz öňden gelýän, kem-kemden pese düşýän spiraly, ýagny şowsuzlyk şowsuzlyk döredýär diýen köne aýgydy görýäris. Ömürboýy eden aladasyndan hem islän netijesi çykmansoň, özlerini betbagt hasaplaýan adamlar hiç mahal hiç hili rowaçlyga sataşmajakdyklaryna ynanyp başlaýarlar. Olar özlerinde bar bolan mümkinçiligi, içki güýji daş çykaryp ulanmak üçinem hiç hili hereket etmeýärler, gaýtam, işlerini az işlemek görnüşinde gurmagyň aladasyny edýärler. Şeýle derejedäki işden nähili netijä garaşjak? Netije, elbetde, ujypsyz bolar. Ol bolsa, az işlemek isleýäniň durmuşa ynamyny öňküsindenem pese düşürer.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir