6-njy ýanwarda Hytaýa döwlet saparynyň çäklerinde Serdar Berdimuhamedow HHR-niň Halk wekilleriniň Ählihytaý Ýygnagynyň Hemişelik komitetiniň Başlygy Li Çžanşu bilen duşuşdy. Hytaýyň Halk Ýygnaklar öýünde geçirilen duşuşykda Li Çžanşu parlamentara hyzmatdaşlygyny iki ýurduň dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň möhüm düzüm bölegi hökmünde belläp, soňky ýyllarda Halk wekilleriniň Ählihytaý Ýygnagy bilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň arasynda dürli derejelerdäki yzygiderli gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny aýtdy. Bular barada aýtmak bilen, HHR-niň Halk wekilleriniň Ählihytaý Ýygnagynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa islendik amatly wagtda Hytaý Halk Respublikasyna gelmek baradaky çakylygyny ýetirdi. Türkmen-hytaý parlamentara gatnaşyklarynyň geljegini ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda BMG-niň, beýleki abraýly halkara we sebit guramalarynyň we düzümleriniň ugry boýunça ýola goýlan netijeli gatnaşyklary dowam etmegiň, “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiligini netijeli ulanmagyň ähmiýeti nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler “Merkezi Aziýa-Hytaý” parlamentara geňeşini döretmegiň hem-de “Türkmenistan –Hytaý : zenanlar we ýaşlar” bilelikdäki forumy geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny bellediler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir